Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adandan we Immerden gaýdyp gelen, ýöne öz tireleriniň, aslynyň Ysraýyla degişlidiklerini subut edip bilmedikleri şulardy: Bular öz atlaryny nesil daragty boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar ruhanylykdan çykaryldylar. Onsoň nesilleri boýunça hasaba almak üçin begleri, baştutanlary we halky üýşürmegi Hudaýym ýüregime saldy. Men ýesirlikden ilkinji dolanyp gelenleriň nesilleri bilen geçirilen ilat ýazuwyny gözläp tapdym. Onda şular ýazylandy: Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn. Siz gylyçdan heläk bolarsyňyz, size Ysraýyl serhedinde höküm ederin, onsoň Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Siz Meniň parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, gaýtam töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä hereket etdiňiz». Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez.
Выбор основного перевода