Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr. Meniň sözüm ot kimin, gaýany bölek-bölek edýän tokmak kimin dälmidir? Muny Reb aýdýandyr. Munuň üçin Men biri-birlerinden sözümi ogurlaýan pygamberlere garşydyryn. Muny Reb aýdýandyr. ‘Reb şeýle diýýär’ diýip, öz bilenlerini aýdýan pygamberlere Men garşydyryn“. Muny Reb aýdýandyr. Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr. Sen hakda pygamberleriň galp, manysyz görnüşler gördüler. Öňki kaddyňa dikeltmek üçin etmişiňi ýüzüňe basmadylar. Gaýtam, seni ýoldan çykarýan ýalan görnüşler gördüler. Eger bir pygamber aldanyp, bir söz aýtsa, ol pygamberi aldawa salan Men-Rebdirin. Men oňa garşy elimi uzadyp, ony halkym Ysraýylyň içinden sogrup taşlaryn.
Выбор основного перевода