Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler. Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler. Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar. Men diwara we oňa hek çalanlara gazabymy döküp, size şeýle diýerin: „Diwar-da, oňa hek çalanlar-da ýok boldular. Iýerusalimde parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ barada aýanlyk alan Ysraýyl pygamberleri-de ýok boldy“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Pygamberleri boş görnüşler görüp, ýalandan pal atyp, bu etmişleriniň üstüne hek çalýarlar. Men-Reb aýtmadyk bolsam hem, „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diýýärler.
Выбор основного перевода