Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mundan beýläk ysraýyl halkynyň arasynda ýalan aýanlyk we aldawçy palçylyk bolmaz. Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar. Boş görnüşler görýän, ýalandan pal atýan pygamberleriň garşysyna el galdyraryn. Olar Meniň halkymyň maslahatyna gatnaşmazlar, ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmazlar we Ysraýyl ýurduna girmezler. Onsoň siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz. Ol adamdan ýüzümi öwrüp, ony alamata we tymsala öwrerin, ony halkymyň içinden sogrup taşlaryn. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men çopanlara garşydyryn! Sürim üçin olardan hasabat soraryn we indi goýun bakdyrmagy goýduraryn. Gaýdyp, çopanlar özlerini bakmazlar; Men goýunlarymy olara iýmit bolmaz ýaly agyzlaryndan halas ederin». «Munuň üçin gijäňiz görnüşsiz bolar, sizi tümlük gaplar, palçylyk edip bilmersiňiz. Pygamberleriň üstünden gün ýaşar, gündiz gijä öwrüler.
Выбор основного перевода