Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Keruplaryň ganatlarynyň aşagyndan adam eliniň şekili göründi. Olaryň her haýsynyň dört ýüzi bardy. Birinji ýüz kerup ýüzüne, ikinji ýüz ynsan, üçünji ýüz arslan, dördünji ýüz bolsa bürgüt ýüzüne meňzeýärdi. Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, çüýşeden ýasalan ýaly bir deňiz bardy. Tagtyň ortasynda we töwereginde dört sany mahluk bardy. Olaryň öňi-de, arkasy-da gözlerden doludy. Birinji mahluk arslana, ikinji mahluk öküze meňzeýärdi. Üçünji mahlugyň ýüzi adamyň ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeýärdi. Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.
Выбор основного перевода