Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Keruplar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň gapdalyndan ýöreýärdiler. Ýerden galmak üçin keruplar ganatlaryny galdyranlarynda, tigirler-de olaryň gapdalyndan aýrylmaýardylar. Jandarlar duranlarynda, tigirler-de durýardylar. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, jandarlar ýokary galanlarynda, bular-da galýardylar. Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüniň bosagasyndan aýrylyp, keruplaryň üstünde durdy. Keruplar ganatlaryny galdyryp, meniň gözümiň alnynda ýokary galdylar. Olar çykanlarynda, tigirler-de olar bilen bile çykyp, Rebbiň öýüniň gündogar derwezesiniň girelgesinde durdular. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň depesindedi.
Выбор основного перевода