Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Görsem, keruplaryň gapdalynda dört tigir bar eken. Her bir kerubyň gapdalynda bir tigir bardy, tigirler sary ýakut kimin ýalpyldaýardy. Dördüsiniň-de görnüşi birdi, edil tigir içinde tigir bar ýalydy. Olar ýöränlerinde, dört tarapa hereket edýärdiler; saga-sola öwrülmeýärdiler, bir kelle haýsy tarapa öwrülse, beýlekiler hem hiç ýana gyşarman, şol tarapa ýöreýärdiler. Onuň bedeni sary ýakut ýalydy, ýüzi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy. Gözleri ýanyp duran şamçyrag, gollary we aýaklary ýalpyldawuk bürünç ýaly ýalpyldaýardy, sesi uly mähelläniň galmagaly ýalydy. Jandarlar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň ýany bilen ýöreýärdiler; jandarlar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile ýerden galýardylar. Ruh nirä gitmek islese, olar-da şol ýana gidýärdiler. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, tigirler-de olar bilen bile ýerden galýardylar. Jandarlar ýöreseler, tigirler-de ýöreýärdiler; jandarlar dursalar, tigirler-de durýardylar. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, olar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile galýardylar.
Выбор основного перевода