Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm. Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr. Eý, ýer ýüzündäki şalyklar! Hudaýa nagmalar aýdyň, Taňra, ezelden bar bolan göge Münýäne, alkyşlar aýdyň. Diňläň, ine, Ol sesi, gudratly sesi bilen seslenýär. Keruplaryň ganatlarynyň sesi Gudratygüýçli Hudaýyň geplänindäki sesi ýaly daşky howluda--da eşidildi. Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy. Onuň bedeni sary ýakut ýalydy, ýüzi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy. Gözleri ýanyp duran şamçyrag, gollary we aýaklary ýalpyldawuk bürünç ýaly ýalpyldaýardy, sesi uly mähelläniň galmagaly ýalydy. aýaklary kürede gyzardylan mis ýaly ýalpyldaýardy, sesi ägirt ummanyň güwwüldisi ýalydy. Soňra men bir uly mähelläniň sesine, ägirt uly ummanyň güwwüldisine, güýçli gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Çünki Rebbimiz Hökmürowan Hudaý hökmürowanlyk sürüp başlady!
Выбор основного перевода