Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz uzak wagtlap galanyň daşyny gabap, ony basyp almak üçin urşanyňyzda, ol ýeriň agaçlaryny çapyp ýok etmäň. Çünki meýdandaky agaçlar duşman hasaplanyp, gabawa salynýan däldir. Siz olaryň miwesinden iýersiňiz. Siz diňe miwe getirmeýän agaçlary ýok edip bilersiňiz. Olary çapyp, özüňize garşy uruşýan halkyň galasy ýykylýança, şol galanyň garşysyna hüjüm etmekde ulanyň. Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap, ýapgyt gurmaz. Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi. Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir. Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy. Eý, Sur galasy, olar saňa garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler, garşyňa berkitmeler salyp, diwaryňa çykmak üçin ýapgytlar gurarlar we galkanlaryny seniň garşyňa goýarlar. Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».
Выбор основного перевода