Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär. Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýärin men, maňa garşy dildüwşük guranlarynda, janyma kast etmekçi bolanlarynda, töwerek-daşymy gorky gaplaýar. Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz. Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“». Ertesi säher bilen Paşhur Ýermeýany kündeden boşadanda, Ýermeýa oňa şeýle diýdi: «Reb seni Paşhur däl-de, Magor Misabyp diýip atlandyrdy. Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi. Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin.
Выбор основного перевода