Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb: «Pislere rahatlyk ýokdur» diýýär. Onsoň men şeýle diýdim: «Wah, Hökmürowan Reb! Bu halky we Iýerusalimi bütinleý aldap, siziň üçin sag-salamatlyk boljak diýdiň. Emma gylyç bogazymyza goýuldy!» Olar Meni ýigrenýänlere hemişe ‘Reb size parahatlyk bolar diýdi’ diýýärler. Kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerýänlere ‘Başyňyza betbagtlyk gelmez’ diýýärler. Bu pygamberler parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ diýip, Meniň halkymy azdyrýarlar; biri diwar salanda, olar muňa hek çalýarlar. Men diwara we oňa hek çalanlara gazabymy döküp, size şeýle diýerin: „Diwar-da, oňa hek çalanlar-da ýok boldular. Iýerusalimde parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ barada aýanlyk alan Ysraýyl pygamberleri-de ýok boldy“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Halkymy azaşdyryp, özlerini doýurýanlara asudalyk diläp, doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär: Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.
Выбор основного перевода