Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu gün Men saňa milletleri hem şalyklary sogrup taşlamagy we ýykmagy, ýok etmegi we ýer bilen ýegsan etmegi, gurmagy we bina etmegi tabşyrýaryn». Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna – Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary eredip, synagdan geçirerin. Biçäre halkymy başga näme edip bilerin? Men seni bu halk üçin bürünçden berk diwar ederin. Olar seniň garşyňa söweşerler, emma ýeňip bilmezler. Halas etmek, ölümden gutarmak üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода