Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň ýesirliginiň otuz ýedinji ýylynyň on ikinji aýynyň ýigrimi ýedisine Ewilmerodak Babyla patyşa bolup, Ýahuda patyşasy Ýehoýakyny ýesirlikden boşatdy. Ol Ýehoýakyn bilen mähirli bolup, tagtyny özi bilen Babyla sürgün edilen başga patyşalaryň tagtlaryndan ýokarda goýdy. Şeýdip, Ýehoýakyn özüniň ýesirlikdäki eşiklerini çalşyrdy. Ol bütin ömrüne patyşanyň saçagyndan naharlandy. Onuň gündelik eklenji ömrüniň ahyryna çenli hemişe patyşa tarapyndan berildi. Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn. Seni janyňyň kastyndakylaryň, gorkýan adamlaryňyň eline, Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen babyllylaryň eline bererin. Sen bilen seni dogran ejeňi özüňiziň dogulmadyk ýeriňiz bolan başga ýurda zyňaryn, şol ýerde-de ölersiňiz. Siziň şu ýurda ýene dolanasyňyz geler, ýöne oňa hiç wagt ýüzüňiz düşmez». Bu Ýehoýakyn diýen adam äsgerilmeýän döwük küýze bolup, hiç kime gerekmejek gapdyr. Ol nesli bilen birlikde özleriniň tanamaýan ýurduna taşlandy. Eý, ýurt, ýurt, ýurt! Rebbiň sözüni eşit! Reb şeýle diýýär: «Bu adamy zürýatsyz, ömründe işi oňuna bolmajak adam diýip ýazyň. Çünki indi onuň neslinden hiç kimiň işi oňuna bolmaz, hiç biri Dawut tagtynda oturmaz we Ýahudada höküm sürmez». Soňra Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň ýanyna gelen çaparlaryň üsti bilen Edom, Mowap, Ammon, Sur we Sidon patyşalaryna boýuntyryklar iber. Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi. Üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen faraona ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň.
Выбор основного перевода