Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol şeýle hem sütünleriň depesinde goýmak üçin bürünçden guýlan iki sany täç ýasady. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi. Täçler iki sütüniň hem-de örme zynjyrlaryň ýokarsyndaky tegelek güberçek ýerde goýuldy. Her täjiň töweregine hatarlap, iki ýüz nar aýlandy. Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, on arabany, arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.
Выбор основного перевода