Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Janpenalaryň baştutany baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny Babyla ýesir edip äkitdi. «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur! Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň. Sen guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy. Patyşa Sidkiýa Malkyýanyň ogly Paşhur bilen Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny Ýermeýanyň ýanyna iberende, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy. Paşhur bilen Sepanýa oňa: «Nehelamly Şemagýa Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen Iýerusalimdäki ähli halka, Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhana we ähli ruhanylara öz adyňdan hatlar ýollap, şeýle diýdiň: olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady. Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!»
Выбор основного перевода