Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Babyl patyşasy Hamat ýurdunyň Ribla galasynda olaryň baryny öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidildi. Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä, Reb hemmeleri uzaklara kowup, ýurduň içinde terk edilen ýerler köpelýänçä, Negebiň şäherleri ýapyldy, olary açjak ýokdur. Bütin Ýahuda sürgün edildi, tutuşlygyna sürgün edildi. Men ýurdy harabaçylyga öwrerin we weýran ederin, onuň kuwwatynyň buýsanjy tamam bolar; Ysraýylyň daglary çolaryp galar, olardan geçen bolmaz. Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni.
Выбор основного перевода