Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady. Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz. Onsoň men Rebbe: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Pygamberler olara gylyç ýüzüni görmersiňiz, açlyk belasyny çekmersiňiz, bu ýerde hakykatdan-da sag-salamat ýaşarsyňyz diýýärler» diýdim. Olar Meni ýigrenýänlere hemişe ‘Reb size parahatlyk bolar diýdi’ diýýärler. Kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerýänlere ‘Başyňyza betbagtlyk gelmez’ diýýärler.
Выбор основного перевода