Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna, suwlaryň ýüzüne serhet çekdi. Deňiz ýeri böwsüp çykanda, onuň öňüne böwet basan kim? Deňzi bulutlar bilen örtüp, ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin. Deňze gözenekdir gapy goýup, oňa çäk çeken-de Mendirin. Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim. olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň. Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?! Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr. Milletleriň ähli akyldarlarynyň, bar patyşalyklarynyň arasynda Seniň ýalysy ýokdur.
Выбор основного перевода