Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Sebäbi siz ähli zadyň bereketli bolmagy üçin Hudaýyňyz Rebbe şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen gulluk etmediňiz. Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer. Ähli milletler: „Reb bu ýurdy näme üçin beýle etdikä? Bu gahar-gazabyň sebäbi nämekä?“ diýşip geň galarlar. Olar şeýle netijä gelerler: „Munuň sebäbi şudur: ysraýyllar özlerini Müsürden çykaryp getiren ata-babalarynyň Hudaýy Reb bilen baglaşan ähtini ret etdiler. Olar Rebden ýüz öwrüp, başga hudaýlara gulluk etdiler. Özleriniň tanamaýan we Rebbiň olara sežde etmäge ygtyýar bermedik hudaýlaryna sežde etdiler. Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer. Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“ diýerler». Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi. Bu sözleriň ählisini halka ýetireniňde, olar saňa: „Näme üçin Reb biziň üstümizden bu elhenç betbagtlygy inderjegini aýtdyka? Biziň ýazygymyz näme? Hudaýymyz Rebbe garşy biz näme günä etdikkäk?“ diýerler. Şonda sen olara Reb, ine, şeýle aýdýar diý: „Bu siziň ata-babalaryňyzyň Meni terk edendikleri üçindir. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşdüler, olara gulluk hem sežde etdiler. Menden ýüz öwürdiler, kanunymy ýerine ýetirmediler. Siz bolsa ata-babalaryňyzdan-da beter pislik etdiňiz. Maňa gulak asman, her biriňiz kesirlik bilen öz erbet niýetleriňiziň yzyna düşdüňiz. Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.
Выбор основного перевода