Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi bütin goşunbaşylar we olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Gedalýany häkim edip belländigi barada eşidenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogly Ýohanan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we bir magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispa, Gedalýanyň ýanyna geldiler. Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy. Eý, Hudaý, tekepbirler garşyma galýar, zalymlar topary meni öldürjek bolýar, olar Sen barada hiç oýlanmaýar. Onsoň goşun serkerdeleri, Kareýanyň ogly Ýohanan, Hoşaýanyň ogly Ýezanýa we uludan-kiçä ähli halk golaýa gelip, Olar Ýermeýa ýene şeýle diýdiler: «Eger Hudaýyň Rebbiň bize bildirmek üçin saňa aýan eden her bir sözüni ýerine ýetirmesek, goý, Rebbiň Özi bize garşy hakyky we wepaly şaýat bolsun.
Выбор основного перевода