Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siz bu işi hakykatdan etseňiz, onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar atlara we söweş arabalara münüp, olaryň özleri, hyzmatkärleri hem halky bu öýüň derwezelerinden girerler. Olar Ýermeýa ýene şeýle diýdiler: «Eger Hudaýyň Rebbiň bize bildirmek üçin saňa aýan eden her bir sözüni ýerine ýetirmesek, goý, Rebbiň Özi bize garşy hakyky we wepaly şaýat bolsun. Ýagşy bolsa-da, ýaman bolsa-da, seni ýanyna iberýän Hudaýymyz Rebbe gulak asarys. Işimiz oňuna bolar ýaly, biz Hudaýymyz Rebbe gulak asarys». „Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin. Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb aýdýandyr. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin. Men onuň size rehimi iner ýaly ederin, şonda onuň size haýpy gelip, sizi öz ýurduňyza iberer“.
Выбор основного перевода