Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýermeýa Rebbiň ähli halka aýt diýip, özüne buýran zatlarynyň baryny aýdyp bolanynda, ruhanylar, pygamberler we ähli halk ony tutup: «Sen hökman ölersiň! „Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin. Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb aýdýandyr. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin. Men onuň size rehimi iner ýaly ederin, şonda onuň size haýpy gelip, sizi öz ýurduňyza iberer“. Emma siz: „Biz bu ýurtda ýaşajak däl“ diýseňiz we Hudaýyňyz Rebbe gulak asman, „Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz, Rebbiň sözüni diňläň, eý, Ýahudanyň aman galanlary! Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger siz Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy karar etseňiz, gorkýan gylyjyňyz ol ýerde yzyňyzdan ýeter, gorkýan açlygyňyz Müsürde siziň ýakaňyzdan ýapyşar we siz ol ýerde ölersiňiz. Ornaşmak üçin Müsüre gitmegi karar eden her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Başlaryndan inderjek betbagtlygymdan hiç kim diri galmaz we hiç kim gaçyp gutulmaz“. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“. Bu kagyzdaky ýazylanlary okap bolanyňdan soň, ony bir daşa baglap, Ýewfrat derýasynyň ortasyna at.
Выбор основного перевода