Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakup Padanaramdan Kengandaky Şekem galasyna sag-aman geldi. Ol galanyň eteginde düşledi. Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň. Siz Hudaýyňyz Rebbiň perzentlerisiňiz. Siz öli üçin bedeniňize ýara salmaň we maňlaý saçyňyzy gyrkmaň. Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy. Omry Samariýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samariýa diýip at dakdy. Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň otuz sekizinji ýylynda Omrynyň ogly Ahap Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi iki ýyl şalyk sürdi. Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy. Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar. Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz.
Выбор основного перевода