Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men guluň yzyma gaýdyp, öz galamda, kakamyň, ejemiň guburlarynyň golaýynda öleýin. Ýöne, ine, şu ýerde guluň Kimham bar. Şa hezretleri bilen, goý, ol gidäýsin. Senem göwnüňe jaý bolan zady onuň üçin et» diýdi. Patyşa oňa: «Kimham meniň bilen gider, men hem onuň üçin seniň islän zadyňy ederin, hawa, ähli islän zadyňy men seniň üçin ederin» diýdi. Onsoň adamlaryň uludan-kiçä bary we goşunbaşylar Müsüre tarap ýola düşdüler, çünki olar babyllylardan gorkýardylar. „Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz,
Выбор основного перевода