Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ýedinji aýda patyşa neslinden bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Gedalýanyň ýanyna geldi we olar ony öldürdiler. Şeýle hem olar Mispada, Gedalýanyň ýanynda bolan ýahudalary we babyllylary-da öldürdiler. Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa haýynlyk etdi. Onsoň Ýermeýa Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi. Mispa baryp, onuň bilen birlikde ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady. Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogullary Ýohanan hem Ýonatan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispadaky Gedalýanyň ýanyna geldiler. oňa: «Ammonlaryň patyşasy Bagalysyň seni öldürtmek üçin, Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendigini bilýärsiňmi?» diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady.
Выбор основного перевода