Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri bilen olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigi we Babyla sürgün edilmedik garyp erkekleri, aýallary, çagalary oňa tabşyrandygy barada eşitdiler. Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogullary Ýohanan hem Ýonatan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispadaky Gedalýanyň ýanyna geldiler. Kareýanyň ogly Ýohanan bilen söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri Mispadaky Gedalýanyň ýanyna gelip, oňa: «Ammonlaryň patyşasy Bagalysyň seni öldürtmek üçin, Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendigini bilýärsiňmi?» diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady. Onsoň Kareýanyň ogly Ýohanan Mispada Gedalýa bilen gizlinlikde gepleşip: «Gel, men gidip, Netanýanyň ogly Ysmaýyly öldüreýin, muny hiç kim bilmez. Bolmasa, ol seni öldürer we ýanyňa ýygnanan ähli ýahudalar dargar. Ýahudada aman galanlar hem heläk bolsunmy?» diýdi. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa Kareýanyň ogly Ýohanana: «Sen Ysmaýyl hakda ýalan sözleýärsiň. Bu işi etme!» diýdi.
Выбор основного перевода