Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Alada we horluk olary gorkuzýar, söweşe taýynlanan şa kimin olara hüjüm edýär. Çünki pisler Hudaýa garşy el göterýär, Gudratygüýçlä garşy çykýar. Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň. Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe! Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky bir küýze döwügi! Toýun özüni şekil berýäne: «Näme ýasaýarsyň?» «Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa? Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin. Şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini, degirmen daşlarynyň sesini we çyranyň yşygyny olardan aýraryn. Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler. Näme üçin sen: „Bu öý Şilo kimin bolar we bu şäher ilatsyz harabaçylyga öwrüler“ diýip, Rebbiň adyndan pygamberlik etdiň?» diýdiler. Rebbiň öýünde ähli halk Ýermeýanyň daşyny gabady. Ýahuda patyşasy Sidkiýa ony tussag edip, şeýle diýdi: «Sen näme üçin beýle pygamberlik etdiň? Sen Reb şulary aýdýar diýdiň: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony basyp alar. Siziň: ‘Babyllylaryň eline berlip, adamsyz we haýwansyz harabalyga öwrülen’ diýýän bu ýurduňyzda ýene-de ekin meýdanlary satyn alnar. Reb şeýle diýýär: „Siz bu şäher weýran bolup, ynsansyz we haýwansyz çöl bolar diýdiňiz. Emma ilaty galman, ynsansyz we haýwansyz çolaran Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde ýene-de
Выбор основного перевода