Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda (bu Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň birinji ýylydy) Ýermeýa bütin ýahuda halky hakynda Rebbiň sözi aýan boldy. «Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Neriýanyň ogly Baruk Ýermeýanyň dilinden şu sözleri kitaba ýazyp otyrka, Ýermeýa pygamberiň oňa aýdan sözi:
Выбор основного перевода