2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 34:18
Şapan mürze patyşa: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň Şapan kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi.
Onsoň ähli köşk emeldarlary: «Halka okalyp berlen golýazmany al-da, ýanymyza gel» diýip, Kuşynyň çowlugy, Şelemýanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ýegudyny Barugyň ýanyna ýolladylar. Neriýanyň ogly Baruk-da golýazmany alyp, olaryň ýanyna geldi.