Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahap Ylýasyň bar eden zatlary, pygamberleri nädip gylyç bilen öldürendigi barada aýaly Izebele gürrüň berdi. Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi. Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçyp, Ýahudanyň Beýerşeba galasyna geldi. Ol hyzmatkärini şol ýerde galdyrdy. Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi. Soňra ol gyrymsy sübse agajynyň aşagynda ýatdy-da, uka gitdi. Ine, birdenkä bir perişde Ylýasy yrap: «Tur-da, iýip-iç» diýdi. Ylýas pygamber töweregine garanjaklady. Ine, görse, onuň başujunda gyzgyn daşyň üstünde bişirilen çörek bilen bir küýze suw bardy. Ol iýip-içip, ýene-de ýatdy. Rebbiň perişdesi ikinji gezek gelip, ony yrap: «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi. Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horebe geldi. Men seni bu halk üçin bürünçden berk diwar ederin. Olar seniň garşyňa söweşerler, emma ýeňip bilmezler. Halas etmek, ölümden gutarmak üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr. Seni erbetleriň elinden azat ederin, rehimsizleriň penjesinden halas ederin». Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Neriýanyň ogly Baruk Ýermeýanyň dilinden şu sözleri kitaba ýazyp otyrka, Ýermeýa pygamberiň oňa aýdan sözi: «Eý, Baruk! Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle diýýär: Sen: „Dat günüme! Çünki Reb derdime gaýgy-hasrat goşdy, ahy-nalamdan ýaňa tapdan düşdüm, rahatlyk tapmaýaryn“ diýdiň».
Выбор основного перевода