Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger ildeşiňiň biri halys garyp düşüp, özüni saňa satsa, sen ony gul ýaly işletme. Gaýtam, ol seniňkide wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi bolsun. Ol baýram ýylyna çenli seniňkide işlesin. Baýram ýylynda bolsa ol öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, ata-babalarynyň mülküne dolanyp gelsin. Çünki ol Meniň Müsürden alyp çykan gulumdyr. Ol guluň satylyşy ýaly satylmaly däldir. Siz oňa gödek daraşmaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Eger size gul-gyrnak gerek bolsa, olary töweregiňizdäki milletlerden satyn alyň. Öz araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň arasyndan, olaryň siziň ýurduňyzda doglan çagalarynyň arasyndan gul-gyrnak satyn alyp bilersiňiz. Olar siziň eýeçiligiňizde bolarlar. Olary siz özüňizden soňky çagalaryňyza miras hökmünde galdyryp bilersiňiz. Siz olary gul hökmünde ulanyp bilersiňiz, ýöne öz ysraýyl doganlaryňyza hiç kim gödeklik bilen daraşmasyn. Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz. «Biz ýagdaýymyzyň çatdygyndan, başga milletlere satylan öz ýahudy doganlarymyzy yzyna satyn aldyk. Emma siz hatda öz garyndaşlaryňyzy-da gulçulyga satýarsyňyz; soň biz olary yzyna satyn almaly bolýarys!» Olar dymyp, diýere söz tapmadylar. Şu günüň özünde olaryň ekin ýerlerini, üzümçiligini, zeýtun baglaryny, öýlerini, puldan, bugdaýdan, şerapdan we ýagdan alan göterimiňizi olara yzyna gaýdyp beriň.
Выбор основного перевода