Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“. Onsoň Reb maňa Ýahuda patyşasynyň öýüne bar-da, ol ýerde şu sözi aýan et diýdi: «Eý, Dawut tagtynda oturan Ýahuda patyşasy, seniň özüň, emeldarlaryň we bu derwezeden girýän halkyň bilen birlikde Rebbiň sözüni eşidiň! Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar. Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi. Emma ne onuň özi, ne hyzmatkärleri, ne-de ýurduň halky Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözlerine gulak asdylar. Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!» Ýermeýa heniz tussag edilmändi, ol halkyň arasyna arkaýyn çykýardy.
Выбор основного перевода