Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady. Galan halk, ruhanylar, lewiler, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we Hudaýyň kanunyna uýmak üçin özlerini ýerli halklardan bölüp aýranlaryň hemmesi – olaryň aýallary, ogul-gyzlary, kanuna düşünip bilýänleriň bary öz garyndaşlary we olaryň begleri bilen birleşdiler. Olar Hudaýyň guly Musanyň üsti bilen berlen kanuna görä ýaşamaga, Hökmürowan Rebbimiziň ähli tabşyryklaryny, hökümlerini, parzlaryny saklap, olary berjaý etmäge ant içdiler, ýerine ýetirmeýänleri bolsa näletlediler. Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi? Meniň adym dakylan bu öý siziň üçin garakçylaryň sürenine öwrüldimi? Emma Men näme edýäniňizi görýärin. Muny Reb aýdýandyr. Meniň adym dakylan öýde öz nejis zatlaryny goýup, öýümi murdar etdiler.
Выбор основного перевода