Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Asany Dawut galasynda özi üçin gazyp goýan mazarynda jaýladylar. Ony bir ussat tarapyndan taýýarlanan her hili hoşboý ysly zatlardan doldurylan tabytda goýdular. Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyldy. Iki ýyllap onuň keseli günsaýyn ýaramazlaşyp, ikinji ýylyň ahyrynda içegeleri daşyna çykyp, ol agyr jebir--sütemden ýaňa dünýäden ötdi. Onuň halky ata-babalaryna edişleri ýaly, onuň hatyrasyna ot ýakmadylar. Munuň üçin Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym hakda Reb şeýle diýýär: „Onuň üçin: ‘Waý, gardaşym!’ ýa-da ‘Waý, jigerim!’ diýip ýas tutmazlar. ‘Waý, aga!’ ýa-da ‘Waý, onuň alyhezretleri!’ diýip, onuň üçin ýas tutup aglamazlar.
Выбор основного перевода