Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: «Ine, zulumkeşiň soňy geldi! Onuň tekepbirligi tamam boldy! Reb pisleriň taýagyny, hökümdarlaryň hasasyny döwdi. Ol halklara gazaply, üznüksiz zarbalar urdy, milletleri gazap bilen, dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy. Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr. Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“». Reb şeýle diýýär: „Ýahuda patyşasy Sidkiýany janynyň kastyna çykan duşmany Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berşim ýaly, Müsür patyşasy faraon Hoprany-da janynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin“». Babyl patyşasy Nebukadnesaryň uruşmak üçin Müsür ýurduna geljekdigi barada Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gögüň Hudaýy saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi. Ähli ýerde ýaşaýan ynsanlary, ýabany haýwanlary, gökdäki guşlary seniň ygtyýaryňa tabşyrdy. Olaryň hemmesiniň üstünden seni hökümdar goýdy. Sap altyndan bolan kelle bu sensiň! Belşasar şalyk tagtyna çykandan soň, töreleriniň müňüsi üçin uly meýlis gurady we olar bilen bile şerap içdi. Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi.
Выбор основного перевода