Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin. Çünki Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb bu milletleriň hemmesi Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etsinler diýip, boýnuna demir boýuntyryk saldym, olar oňa gulluk ederler. Onuň ygtyýaryna hatda ýabany haýwanlary-da berdim“». Eý, ynsan ogly! Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşunyna Sura garşy agyr zähmet çekdirdi: her bir esgeriň saçy döküldi, her bir egniň hamy soýuldy; emma çeken zähmetine görä, ne onuň özüne, ne-de goşunyna Surdan muzd tölendi. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Müsür ýurduny Babyl patyşasy Nebukadnesara bererin; ol onuň baýlygyny äkider, oljasyny alar we ony talar; bu onuň goşuny üçin muzd bolar. Men onuň garşysyna çeken zähmeti üçin Müsür ýurduny oňa berdim, sebäbi olar Meniň üçin işlediler. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Babyl patyşasynyň goluny güýçlendirerin, emma faraonyň gollaryny syndyraryn. Gylyjymy Babyl patyşasynyň eline bererin, ol hem ony Müsüriň garşysyna uzadar, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.
Выбор основного перевода