Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
goý, gögi-ýeri ýaradan Reb size ak pata bersin. Gökler Rebbiňkidir, ýeri bolsa Reb ynsan ogullaryna berdi. Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, asman jisimlerine buýruk berdim. Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy. Güýç-gudratym bilen, güýçli gaharym bilen gazap atyna atlanyp, Meniň Özüm siziň garşyňyza urşaryn. Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy. Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran, Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar. Hudaý ähli milletleri bir adamdan ýaradyp, olary bütin ýer ýüzüne ýaýratdy. Olaryň ýaşajak wagtyny we çägini öňünden belläp berdi.
Выбор основного перевода