Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?» Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim. Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty, olaryň patyşalary, han-begleri, ruhanylary, pygamberleri, ýagny ysraýyl we ýahuda halklarynyň bary diňe pislik edip, Meniň gaharymy getirdi. Bu şäheriň bina edilen gününden tä şu güne çenli Meniň gaharymy getirendigi üçin, ony nazarymdan ýok edip taşlajak.
Выбор основного перевода