Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, Mukaddes şäherleriň çöl boldy, Sion düzlüge, Iýerusalim haraba öwrüldi. Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin. Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez». Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler. Olara Reb şeýle diýýär diý: „Eger siz Maňa gulak goýmasaňyz, beren kanunyma görä ýöremeseňiz, onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“». Näme üçin sen: „Bu öý Şilo kimin bolar we bu şäher ilatsyz harabaçylyga öwrüler“ diýip, Rebbiň adyndan pygamberlik etdiň?» diýdiler. Rebbiň öýünde ähli halk Ýermeýanyň daşyny gabady. Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar. Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr. Hökmürowan Reb Özünden ant içdi: «Seni çekirtge sürüsi kimin esgerler bilen dolduraryn, olar saňa garşy ýeňiş nagrasyny çekerler». Töweregiňizdäki milletleriň arasynda we ähli ötegçileriň gözleriniň alnynda, sizi weýrançylyga we masgaraçylyga sezewar ederin. Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin». Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr. Ine, öýüňiz haraba öwrüler. Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden beýik hiç kimiň ýokdugy üçin, Öz adyndan kasam etdi.
Выбор основного перевода