Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Pygamber jesedi öz mazarlygynda goýup: «Wah dogan, dogan!» diýip, ogullary bilen Hudaýyň adamynyň ýasyny tutdy. Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar. Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr. Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz. Sen sag-salamatlykda ölersiň. Senden öň patyşa bolan ata-babalaryň üçin hoşboý ysly tütetgiler ýakyşlary ýaly, seniň üçin-de muny ýakarlar we saňa: ‘Waý, aga!’ diýip aglaşarlar. Çünki muny Men – Reb aýdýandyryn’“».
Выбор основного перевода