Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer. Eý, Hudaý, patyşa paý ber adalatyňdan, şa ogluna – Öz dogrulygyňdan. Goý, ol dogrulyk bilen halkyňa kazylyk etsin, garyplaryňa adalatly höküm çykarsyn. Goý, daglar halka abadanlyk habaryny getirsin, depeler adalaty, goý, yglan etsin. Şa halkyň garyplarynyň hakyny, goý, alyp bersin, mätäçleriň ogullaryny halas eýlesin, zalymlary, goý, weýran etsin! Çünki ol halas edýär mätäji özüne perýat edende, garyby-da, kömekçisi bolmadyk ynsanlary-da. Onuň ejizlere, mätäçlere rehimi inýär, ol mätäçleriň janyny aman galdyrýar. Geple, dogruçyllyk bilen höküm çykar, garybyň we mätäjiň hakyny alyp ber. Öwünýän diňe Maňa düşünýänligi we tanaýanlygy bilen öwünsin, ýer ýüzünde sadyk söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men – Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn. Muny Reb aýdýandyr. Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn. «Hudaýy tanaýaryn» diýibem, Onuň buýruklaryny berjaý etmeýän adam ýalançydyr, onda hakykat ýokdur.
Выбор основного перевода