Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi Men seni atalaryňyň ýanyna ýygnaryn, sen asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler. Şeýdip, Ýoşyýa patyşanyň nökerleri ony söweş arabasyndan alyp, özüniň ikinji bir söweş arabasyna mündürip, Iýerusalime getirdiler. Ýoşyýa Iýerusalimde dünýäden ötüp, atalarynyň gonamçylygynda jaýlanyldy. Bütin ýahuda we Iýerusalim halky Ýoşyýa üçin ýas tutdular. Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr. Ýas tutýany köşeşdirmek üçin hiç kim onuň bilen çörek iýmez. Ene-atasyny ýitirene teselli käsesinden içirmezler. Munuň üçin Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym hakda Reb şeýle diýýär: „Onuň üçin: ‘Waý, gardaşym!’ ýa-da ‘Waý, jigerim!’ diýip ýas tutmazlar. ‘Waý, aga!’ ýa-da ‘Waý, onuň alyhezretleri!’ diýip, onuň üçin ýas tutup aglamazlar. Ýaşamak üçin Müsüre giden ýahudalylaryň aman galanlarynyň hiç biri-de gaçyp gutulmaz, diri galyp, Ýahuda ýurduna dolanyp barmaz. Ol ýere dolanyp barmagy näçe isleseler-de, ol ýerden gaçanlaryň diňe käbiri dolanyp barar“».
Выбор основного перевода