Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Babyllylar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler. Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar. Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler. Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler. Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez». Garşyňa elleri ýaragly heläkleýjileri bellärin. Olar saýlama kedrleriňi çapyp, olary oda atarlar. Nebuzaradon Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we Iýerusalimiň ähli jaýlaryny oda berdi, ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy. «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Teýmana öwür-de, Daroma wagyz et, Negep tokaýyna garşy pygamberlik et. Ähli adamzat ody Men-Rebbiň tutaşdyrandygymy görer; ot söndürilmez“».
Выбор основного перевода