Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin». Olar senden: „Biz nirä gideli?“ diýip sorasalar, sen olara Reb şeýle diýýär diý: „Gyrgyna höküm edilenleri gyrgyna, gylyja höküm edilenleri gylyja, açlyga höküm edilenleri açlyga, sürgüne höküm edilenleri sürgüne ibererin“». «Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“. Onsoň Ýermeýa Sidkiýa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barsaň, janyň diri galar we bu şäher oda ýakylmaz, öý-içeriň bilen bile diri galarsyň. Emma Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barmasaň, bu şäher babyllylaryň eline berler. Olar ony ýakarlar, sen-de olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň“». Men seni hökman halas ederin. Sen gylyçdan ölmersiň, Maňa bil baglandygyň üçin, sen öz janyňy gutaryp aman galarsyň“. Muny Reb aýdýandyr». Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».
Выбор основного перевода