Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak. Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz. «Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada eden ähtine sadyk galar. Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer. Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar. Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde. Ýermeýa pygamber şeýle diýdi: «Omyn! Aýdanyň gelsin! Goý, Reb Öz ybadathanasynyň gap-gaçlaryny we sürgüne gidenleriň baryny Babyldan bu ýere yzyna getirip, seniň pygamberlik edip aýdan sözleriňi amala aşyrsyn! Ata-babalaryna wada eden bu süýt we bal akýan ýurdy olara berdiň.
Выбор основного перевода