Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünden Töwrady tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby oňa berdi, ol hem bu kitaby okady. Onsoň Şapan mürze patyşanyň ýanyna gelip: «Seniň gullaryň Rebbiň öýündäki bar kümşi boşadyp, Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline beripdirler» diýip, bar zady oňa habar berdi. Şapan mürze patyşa ýene: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň ol kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi. Patyşa Töwradyň sözlerini eşidip, ýakasyny ýyrtdy. Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Akbora, Şapan mürzä we öz hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi: «Baryň-da, tapylan bu kitapdaky aýdylýan sözlere görä meniň üçin, meniň halkym bolan bütin ýahuda halky üçin Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitabyň biziň üçin ýazylan sözlerini berjaý etmediler». Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy. Ýoşyýa patyşa bütin ýahuda halky, bütin Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan-kiçä bütin halk bilen Rebbiň öýüne gitdi. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi. Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady.
Выбор основного перевода