Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna? Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär. Olary Sen oturtdyň, kök urdular. Ösüp-ulalyp, miwe berdiler. Seniň adyň dillerinden düşmeýär, emma ýürekleri Senden uzakdyr. Bu sözleriň ählisini halka ýetireniňde, olar saňa: „Näme üçin Reb biziň üstümizden bu elhenç betbagtlygy inderjegini aýtdyka? Biziň ýazygymyz näme? Hudaýymyz Rebbe garşy biz näme günä etdikkäk?“ diýerler. Şonda sen olara Reb, ine, şeýle aýdýar diý: „Bu siziň ata-babalaryňyzyň Meni terk edendikleri üçindir. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşdüler, olara gulluk hem sežde etdiler. Menden ýüz öwürdiler, kanunymy ýerine ýetirmediler. Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.
Выбор основного перевода