Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi. Musa Rebbiň ähli sözlerini ýazdy. Ol daň bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol Ysraýylyň on iki tiresine laýyklykda on iki sany uly daş dikdi. Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklary we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklary bermäge ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy. Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi. Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler. Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi. Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer. Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi. Çünki olar Seniň demir peç kimin lowlaýan Müsürden çykaran halkyňdyr, Seniň mirasyňdyr. Çünki Men ata-babalaryňyzy Müsürden çykaryp getirenimde, olara ýakma gurbanlygy bilen beýleki gurbanlyklar hakda hiç zat aýtmandym ýa-da buýruk bermändim. Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’. Olaryň ýüreklerine Meni tanamak islegini salaryn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.
Выбор основного перевода