Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin. Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklaryny?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýip jogap berdi. Ikinjisi bolsa şunuň ýalydyr: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“. Ikinjisi-de şudur: ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý! Bulardan uly tabşyryk bolmaz» diýip jogap berdi. Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz we düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň». Şeýle hem: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi. Çünki «Zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme, başganyň zadyna göz dikme» diýen we başga buýruklaryň bary «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen buýrukda jemlenendir. Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir.
Выбор основного перевода