Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Emma bu aýal ol iki adamy öz öýünde gizläp, hanyň iberen adamlaryna: «Dogrudan-da, meniňkä adamlar geldiler, ýöne olaryň niredendiklerinden meniň habarym ýok. Ol aýalyň öýi galanyň diwarynda ýerleşýärdi. Rahap penjireden tanap sallap, ol adamlary aşak düşürdi. Bu gala we ondaky ähli zatlar Rebbe aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok edilmeli. Loluçylyk bilen gününi görýän Rahapdan we onuň öýündäkilerden başga ýekeje adam hem diri galmaly däldir, sebäbi Rahap biziň iberen içalylarymyzy gizläp saklady. Imany arkaly loly Rahap heläk bolmady. Ol ysraýyl içalylaryny dostlukly garşylandygy üçin, Hudaýa tabyn bolmadyklar bilen bile öldürilmedi.
Выбор основного перевода